Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Türkiýäniň iň gymmat brendi diýlip yglan edildi

13:0009.06.2022
0
3965
«Turkish Airlines» Türkiýäniň iň gymmat brendi diýlip yglan edildi
Surat: total.kz

2022-nji ýyldaky iň gymmat türk brendi diýlip, «Turkish Airlines» (THY) awiakompaniýasy yglan edildi, ol 1,6 milliard ABŞ dollary bahalanýar. Awiakompaniýa «Brand Finance» halkara seljeriş wekilhanasynyň düzen Türkiýäniň iň gymmatbaha brendleriniň 100-liginde ilkinji orny eýeledi.

Ýeri gelende aýtsak, Türkiýäniň howa gullugynyň öňdebaryjysy bu orny eýýäm bäş ýyl bäri eýeläp gelýär.

1996-njy ýylda esaslanydyrylan «Brand Finance» brendleri bahalandyrmak boýunça dünýäde öňdebaryjy konsalting kompaniýadyr. Ol her ýyl bazar barlaglaryna esaslanyp, 5 müňden gowrak kompaniýa baha berýär.

Kompaniýanyň düýp edarasy Londonda ýerleşmek bilen, dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda wekilhanalary bar. Bu barada «Trend» ýurduň «Anadolu» habarlar gullugyna esaslanyp ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň