Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

22:1808.06.2022
0
10575

Türkmenistanyň Prezidentimi Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä Günorta Horasan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Belläp geçsek, Eýranyň Günorta Horasan welaýatynda ýolagçy otlusy demir ýoldan agyp, onda heläk bolanlaryň sany 21-e ýetdi diýip, Eýranyň Tasmin habarlar gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Jebir çeken adamlaryň sany 86-a ýetdi.

8-nji iýunda irden sagat 05:30 töweregi Maşatdan Ýezd şäherine barýan 348 ýolagçyly otly Tebas şäherinden 50 kilometr uzaklykda ýerleşýän ýollaryň golaýynda işleýän ekskawator bilen çaknyşdy we dört wagon relslerden çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň