Turkmenportal logo
08.06.22
20102010
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranda otly demir ýoldan agyp, 10-dan gowrak adam heläk boldy
Surat: timesofisrael.com

Eýranyň Günorta Horasan ülkesinde ýolagçy otlusy demir ýoldan agyp, 13 adam pida boldy, 50 ýolagçy şikes aldy. Bu barada şu gün, 8-nji iýunda «Tasnim» habarlar gullugy habar berdi diýip, «iz.ru» saýty ýazýar.


Otly Maşatdan Ýezd şäherine barýardy, irden ýerli wagt bilen 5:30-da otly Tabas şäheriniň golaýynda demir ýoldan çykdy. Ýerli häkimiýetleriň habaryna görä, ol ekskawator bilen çaknyşdy we dört wagon relslerden çykdy.



Hadysanyň bolan ýerine dikuçarlardyr «Tiz kömek» ulaglary ugradyldy.