Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýada dört günlük iş hepdeligi synag edilip başlandy

16:1007.06.2022
0
5580

Beýik Britaniýada dört günlük iş hepdeligini synag edip başladylar. Bu taslama umumy işgär sany 3300-den gowrak bolan 70 sany britan kompaniýasy gatnaşar. “Афиша Daily” saýtynyň habar bermegine görä, bu synag çäresine gatnaşýan kompaniýalar kafelerden başlap, marketing agentliklerine we azyk önümlerini öndürýän kompaniýalara çenli örän giň gerimi öz içine alýar.

Bu synag işleri ýarym ýylyň dowamynda “100:80:100” shema görnüşinde alnyp barlar. Bu shema işgärleriň iş wagtynyň 80% azaldylan ýagdaýynda hem aýlyk haklarynyň 100% üpjün edilmegini, şonuň bilen birlikde hem iş öndürijiliginiň 100% derejede saklanylmagyny aňladýar.

Iş wagtyny azaltmak bilen bagly synaglaryň geçirilýän döwründe hünärmenler diňe bir işgärleriň iş wagtyny we dynç alyş wagtyny kabul edişini, nägileliklerini ýa-da razylygyny kesgitlemän, eýsem ukularynyň ýetip-ýetmeýändigini, işe energiýa sarp edişlerini we beýleki täsir edýän zatlary hem öwrenerler. Hünärmenler bu ugurda taslama gatnaşýan her bir kompaniýa bilen aýry-aýrylykda iş alyp bararlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň