Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropada teneçirleriň sany artdy

16:3606.06.2022
0
3971
Ýewropada teneçirleriň sany artdy
Surat: ecowatch.com

Global ýylamanyň netijesinde Ýewropada teneçirleriň sany adatdakysyndan has artdy. Mir24 habarlar gullugynda habar berilmegine görä, olaryň sany iki esseden gowrak ýokarlandy. Münheniň Tehniki uniwersitetiniň ylmy hünärmeni bu barada şeýle belleýär: «Global ýylamanyň netijesinde yssy howany halaýan mör-möjekleriň, şol sanda tomzaklaryň, kebelekleriň we beýleki şu hili mör-möjekleriň sany görnetin artdy. Bu aýratyn-da şafran-teneçirleriň köpelmegine özüniň täsirini ýetirdi».

Şunlukda, bu hili mör-möjek görnüşi öňler diňe ýyly ýerlerde, has takygy bu sebitde Ortaýer deňziniň töwereklerinde seýrek gabat gelen bolsa, indi olar Germaniýada hem ýüze çykyp başlady. Alymlar şunuň bilen birlikde soňky 40 ýylyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen baglylykda Ýewropada mör-möjekleriň sanynyň adaty kadasyndan 30 göterim ýokarlanandygyny belleýärler.

Emma mör-möjekleriň sanynyň köpelmegine diňe bir howa şertleri täsir etmeýär. Bu babatda soňky 6 ýylda adamzadyň durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde arylaryň köpelmegi üç esse azaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň