«Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde milli el işleriň täsirli we özboluşly sergisi geçirildi. Sergide köpçülige tanyşdyrylan işleri Lebap welaýatynyň dürli etraplaryndan bolan hünärmenler hödürlediler.
Sergä gelenler bu ýerde dürli ýantorbalar we aksessuarlar, milli öwüşginde taýýarlanan egin-eşikler, biserden, ýarymgymmatbaha daşlardan ýasalan zenan bezegleri, çeper nakgaşlyk eserleri we ýumşak oýunjaklar bilen tanyşdylar.
Sergide Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Jennet Artykowanyň guramaçy hökmünde çykyş edendigini bellemek gerek. Ol heniz 22 ýaşyndadygyna garamazdan, eýýäm el işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Ol eýýäm bu hili çäräni üçünji gezek geçirmek bilen, lebaply sungaty söýüjileri täsin el işleriniň giň toplumy bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýar.
Halk senetçileriniň başarnyklaryny hem-de el iş sungatyny giňden wagyz etmek höwesi bilen guralýan bu çäreler döredijilik pudagynda täze ugruň ýüze çykmagyna hem-de ösmegine giňden ýardam edýär. Şeýle hem sergä gelenler ýadygärlik sowgatlaryny, ýüpek we deri önümlerini, öýleriniň bezegi üçin dürli zatlary satyn aldylar.
«Bu meniň öňden bäri meýilleşdiren arzuwymdy. Bir gezek Aşgabatda şu hili el işleriniň sergisini görüp, tikin, örme we beýleki usullarda taýýarlanan şu hili dizaýnerlik işleriniň sergisini geçirmegi ýüregime düwüpdim.
Hemişe öz söýgüli şäherimde munuň ýaly sergini geçirmek bilen, inçe sungat eserlerini ýürekden sünnäläp döredýän sungat işgärleriniň hyzmatlaryny we ýadygärlik gymmatlyklaryny köpçülige ýetirmegi niýet edinipdim. Bu olaryň döredijiliginde inçeden duýulýar, eýsem bu amaly işlerde hem görünýän, hem estetik öwüşginler ýüze çykýar» – diýip, Jennet Artykowa belleýär.