Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa sapary meýilleşdirilýär

20:0105.06.2022
0
27324
Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa sapary meýilleşdirilýär
Surat: tdh.gov.tm

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy bilen geljek hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moskwada saparda bolar.

Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň berýän maglumatlaryna salgylanyp, şu gün «mir24» teleýaýlymy habar berdi.

Habarda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa sapary mahalynda ykdysady meseleler boýunça birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

«Turkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmaga gelen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenkony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda W.Matwiýenko Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň salamlaryny we Moskwa sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýetirdi.

Şu ýylyň 18-nji maýynda bolsa rus Lideri Wladimir Putin Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşan goşandy üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak baradaky resminama gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň