Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň bäsleşikli satuwy ilkinji gezek sanly platformada geçiriler

10:2002.06.2022
0
23221

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň bäsleşikli satuwy ilkinji gezek www.е.fineconomic.gov.tm sanly meýdançasynda we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.

«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda bellenilişi ýaly, bäsleşikli söwda 16-njy iýunda 10:00-da başlanar.
Satuwa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar minsitrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň suw hojalyk komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak boýunça döwlet agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň desgalary çykarylar.

Desgalaryň jikme-jik sanawy we bäsleşikli söwdanyň geçiriliniň düzgünleri bilen şu salgydan ýa-da «NT» gazetinden tanşyp bilersiňiz.

Bäsleşikli söwdany guramaçynyň — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 156. Habarlaşmak üçin telefonlar:

Telefon belgileri:

  • Aşgabat ş.: (+993 12) 92-26-11/39-46-69/75;
  • Änew ş.: (+993 137) 3-30-21/3-31-80;
  • Balkanabat ş.: (+993 222) 7-89-34/7-89-17/7-89-53;
  • Daşoguz ş.: (+993 322) 9-10-19/9-15-10;
  • Türkmenabat ş.: (+993 422) 6-11-52/6-11-59;
  • Mary ş.: (+993 522) 6-06-87/6-05-41.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň