Soňky habarlar

Arhiw

«Zemmhome» aşhana we naharhana üçin dürli hili mebelleri alyjylara ýetirýär

12:2530.05.2022
0
2964
«Zemmhome» aşhana we naharhana üçin dürli hili mebelleri alyjylara ýetirýär

Aşhana we naharhana otaglaryna niýetlenen dürli görnüşli mebeller we öý bezegleri «Zemmhome» dükany tarapyndan alyjylar köpçüligine hödürlenýär. Türkiýede öndürilen bu mebelleriň ählisi mynasyp baha eýe bolan usullarda, ýokary hilde öndürilendir.

«Zemmhome» dükanynyň aşhana garnituralary döwrebap stili bilen tapawutlanyp, islendik giňişlige bezeg berýär. Mebeliň bölekleýin bezeg görnüşinde taýýarlanmagy dar ýere-de, giň ýere-de laýyk ölçegi tapmaga ýardam edýär.

Olary müşderiniň islegine laýyklykda hem ýerleşdirip bolýar. Şular bilen birlikde bu ýerden «loft» stilindäki bar üçin niýetlenen stollary we oturgyçlary tapmak bolýar.

Aşhanany mebeller bilen bezemek üçin dükan nahar stollaryny, kofe içmek we žurnallary goýmak üçin niýetlenen stollary, şeýle-de mebel toplumlaryny (stollary we oturgyçlary) hödürleýär.

Öýüňiziň aşhanasyna Cross gurluşly stol hem täsin bezeg berip biler. Onuň daşky göwrümi iki sany kesişýän stoly ýatladýar. Bu bolsa nahar başynda oturýan iki adamyň her haýsy üçin özboluşly amatly ýagdaýy döredýär.

Dükanyň aşhana we naharhana mebelleri bilen zemmhome.com saýtyna girip, ýa-da şu salga baryp tanşyp bilersiňiz: Änew şäheri, Ahal köçesiniň 27/1 jaýy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň