Şu gün Türkmenistan türkmen halysynyň baýramy bilen gutlady. Bu baýram ýurduň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Bu çäräniň hormatyna şu gün Aşgabatda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisine hem-de Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi açylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise hem-de sergä gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Gutlag haty şeýle beýan edilýär:
«Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy, bu baýram mynasybetli geçirilýän «Arşyň nepisligi — türkmen halysy» atly türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Nepisligi, inçeligi, dürli öwüşginli owadanlygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik dowamatydyr.
Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýylysy, törlerimiziň bezegi, göwnümiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir.
Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr» döwlet Baştutany gutlag hatynda belläp geçýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda: «Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, halkyň dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň aýdyň nyşanydyr» diýip belleýär.
«Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşlerine bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň öz aýratyn many-mazmuny bar. Çünki her biri sungat eserine deňelýän nepis halylarymyzy dünýä ýüzüne tanatmakda, halkara meşhurlygyny artdyrmakda gadymy Ýüpek ýolunyň, gündogardan günbatara kerwen ýüklerini gatnadan gadymy täjirleriň bitiren hyzmatlary uludyr.
Bu günki gün Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilip, dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan köpugurly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýän esasy pudaklarynyň birine öwrülen dokma senagatynyň kärhanalary hem şu günki sergide öz gazanan zähmet üstünliklerini, öňdebaryjy tejribelerini giňden suratlandyrarlar.
Dünýä bazarlarynda we içerki bazarymyzda alyjylaryň uly isleglerine mynasyp bolan dokma önümlerini, şeýle hem şu ýylyň tomus-güýz möwsüminde alyjylara hödürlenjek täze önümlerini mahabatlandyrarlar» diýip, türkmen Lideri gutlag hatynda belläp geçýär.
«Asylly däbe öwrülen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisiniň hem ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezmäge, oňa gatnaşyjylara özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn» diýip,Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynyň dowamynda nygtaýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda ýurtda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy bilen hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisiniň, Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, işde we durmuşda hemişe üstünlik gazanmagy arzuw edip, çeper elli halyçylaryň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp durmagyny belläp geçdi.