Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda jemi 48 binanyň gurluşygy alnyp barylýar

22:3426.05.2022
0
17327
Daşoguzda jemi 48 binanyň gurluşygy alnyp barylýar

Şu gün Daşoguz welaýatyna sapar bilen baran hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, düýpli maýa goýumlaryň hasabyna bu sebitde jemi 48 binanyň we desgalaryň gurluşyk işleri amala aşyrylýar, olaryň 20-si durmuş maksatly, 28-si bolsa önümçilik maksatly desgalardyr. Şu ýyl 7 desgany we binany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, 600 orunlyk 2 sany orta mekdebiň, 240 orunlyk çagalar bagynyň hem-de çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ýolagçy awtomenziliniň gurluşyklary güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Daşoguz welaýat häkimliginiň hem-de raýatlaryň buýurmasy esasynda ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça meýilnamalaryň çäklerinde 35 sany 4 gatly 16 we 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Energetika ministrligi tarapyndan ýurtda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, güýjenmesi 500 kilowat bolan Balkan-Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijiniň hem-de beketleriň gurluşyk işleri ýokary depginler bilen dowam edýär, bu taslamany bellenilen möhletinde tamamlamak üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Welaýatyň oba ýerlerinde, şäherçelerinde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde içerki awtomobil ýollaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň demirgazyk sebitini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň wajypdygyna ünsi çekdi we ýerli ilatyň mynasyp, oňaýly durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň