Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşydaky «KAMAZ» okuw-hyzmat ediş merkeziniň işiniň deslapky netijeleri jemlendi

09:4026.05.2022
0
2961
Türkmenbaşydaky «KAMAZ» okuw-hyzmat ediş merkeziniň işiniň deslapky netijeleri jemlendi

«KAMAZ» awtoulag önümçilik konserniniň Türkmenistandaky KAMAZ FTC Corp. LLP kärhanasynyň resmi wekili «Turkmenportal» habarlar portalynyň habarçysy bilen geçiren söhbetdeşliginde konserniň Balkan welaýatyndaky ilkinji okuw- hyzmat ediş merkeziniň geçen alty aýyň dowamyndaky netijelerini jemledi.

Türkmenbaşy şäherindäki «KAMAZ» okuw-hyzmat ediş merkezi 2021-nji ýylyň noýabrynda açylyp ulanylmaga berildi. Merkeziň esasy işi awtoulaglaryň kepilligi, olara hyzmat ediş we tehniki üpjünçilik, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek, şeýle-de hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Hyzmat ediş merkezini ösdürmek bilen bagly taslamanyň möhüm jemgyýetçilik bölegi täze iş orunlarynyň döredilmegi bolup durýar. Heniz doly iş ýylyny geçirmänkä merkeziň işgärler düzümi sertifikatlaşdyrylan hünärmenler bilen üpjün edildi. Şoňa laýyklykda hem, müşderilere dünýä standartlaryna kybap gelýän derejede hyzmat edilýär.

Merkez «KAMAZ» awtoulag tehnikalarynyň ähli görnüşlerinde anyklaýyş işlerini geçirmäge, hyzmat ediş we abatlaýyş işlerini alyp barmaga mümkinçilik berýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Oňa dolandyryş binasy hem-de özünde üç sany hyzmat bölümini we bir sany awtoýuwalgany jemleýän abatlaýyş sehi degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky bu okuw-hyzmat ediş merkezinde ortaça 10 töweregi awtoulaga hyzmat edilýär.

Mundan başga-da, ýurduň welaýatlaryndaky täze iş orunlarynyň döremegine ýardam etjek beýleki hyzmat ediş merkezleriniň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär.

Türkmenbaşy şäherindäki «KAMAZ» okuw-hyzmat ediş merkeziniň habarlaşmak üçin salgylary:

  • Salgysy: Balkan welaýaty, Türkmenbaşy — Balkanabat ýolunyň 7-nji kilometrliginiň demirgazyk tarapy;
  • Telefon belgileri: (+ 993 12) 75 22 04/05;
  • Elektron poçta salgysy: office@ftckamaz.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň