Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gaýa» kärhanasynyň önümleri halkara güwänamalara mynasyp boldy

09:5725.05.2022
0
4712

Gury gurluşyk garyndylaryny we gips karton önümlerini öndürýän «Ak gaýa» kärhanasy halkara güwänamalary bilen yzygiderli tassyklanylýan ýokary hilli önümleri öndürýär.

«Ak gaýa» kärhanasy dürli ýyllarda Zähmet goraglylygyny dolandyrmak we Önümçilik howpsuzylygy ulgamyny, Hili dolandyryş ulgamyny we Ekologik dolandyryş ulgamyny giňeltmek we goldamak başlangyçlary üçin DQS Holding GmbH (Ulgamlary sertifikatlaşdyrmak boýunça halkara kompaniýa) tarapyndan IQNet (Sertifikatlaşdyrmak boýunça düzümleriň halkara tory) güwämanalaryna mynasyp boldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary hil standartlaryna laýyk getirilýändigini we gurluşyk garyndylaryny taýýarlamakda ekologik kadalara eýerilýändigini görkezýär.

«Ak gaýa» kärhanasy Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerini beýan edýän sergileriň hemişelik gatnajysy bolup durýar. Soňky gezek Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide hem kärhana suwag garyndylaryny we gips karton önümlerini köpçülige tanyşdyrdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň