Soňky habarlar

Arhiw

«Turkmenportalyň» iOS goşundysy täzelendi

05:3323.05.2022
1
5468

«Turkmenportal» habarlar saýtynyň iOS ykjam goşundysy arkaly habarlarymyzy okaýanlar onuň täzelenen görnüşini ýükläp alyp bilerler. 2.1.1. täzelenme App Store dükanynda mugt görnüşinde elýeterlidir.

Goşundynyň täzelenen görnüşinde öňki görnüşlerdäki ýalňyşlyklaryň ählisi düzedildi. Mundan beýläk wideogörnüşlerimizi görmek üçin «Başlat» bölümine basmak gerek däl. Wideo geçilen badyna, ol işläp başlar. Goşundynyň interfreýsiniň täzelenip, işleýiş tizliginiň ozalkysyndan ep-esli ýokarlanandygyny hem dykgatyňyza ýetirýäris.

Döredijiler ykjam platformalaryň iň soňky aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, goşundy has amatly görnüşe getirmäge synanyşdylar. Programma mugt we iOS 10.2 we ondan ýokary täzelenmelerde işleýän ykjam enjamlar üçin elýeterlidir.

Ýeri gelende aýtsak, «Turkmenportal» 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri paýlaşýan habarlaryny ykjam goşundy görnüşinde hem ýetirýär. Habarlar üç dilde ― türkmen, rus we iňlis dillerinde paýlaşylýar.

App Store dükanynda «Turkmenportalyň» goşundysyna ortaça 4,2 ýyldyz berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň