Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi geçiriler

22:3719.05.2022
0
3865

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky iş maslahatynyň barşynda, wise-premýer Ç.Gylyjow täze senagat kärhanalarynyň işe girizilişi we täze iş orunlarynyň döredilişi barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer Ahal welaýatynyň Kaka hem-de Babadaýhan etraplarynda ýokary tehnologiýaly iri dokma kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen, iş orunlarynyň döredilendigi barada habar berdi. Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürýän önümçiligi, Daşoguz pagta egirme fabriginde agaç we izolýasiýa serişdelerini öndürýän önümçiligi döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, hususy ulgamy ösdürmekde berilýän goldawlaryň netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan birnäçe senagat ugurly kärhanalar işe girizilip, şolarda goşmaça iş orunlarynyň döredilendigini habar berdi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, wise-premýer Türkmen halysynyň baýramyna hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Iş maksatnamasy taýýarlanylyp, şoňa laýyklykda, 29-njy maýda haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan serginiň, türkmen halyçylyk sungatyna gadyr goýýanlaryň Bütindünýä assosiasiýasynyň maslahatynyň, halyçy gelin-gyzlary sylaglamak dabarasynyň hem-de medeni köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, el halylarynyň türkmen halkynyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň umumy keşbini özünde jemleýän bahasyz gymmatlykdygyny belläp geçdi.

Döwlet Baştutany milli halyçylyk pudagynyň gazananlaryny dünýäde wagyz etmek işinde geçirilýän forumlaryň eýeleýän möhüm ornuny we ähmiýetini belläp, şeýle çäreleriň türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mundan beýläk-de ilerletmäge, Türkmenistanyň öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gönükdirilmelidigini nygtady hem-de wise-premýere olary ýokary derejede guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň