«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň tertibini täzeledi, Türkmenbaşy-Aşgabat demir ýolunyň üstünden awtomobil geçelgesi açyldy, türkmenistanly lukmanlar hünär kämilligini artdyrmak üçin Germaniýa iberiler we beýleki habarlar

10:1119.05.2022
0
46908

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda 2022-nji ýylyň 25-nji maýyndan Türkmenistanyň çäginde dürli ugurlar boýunça hereket edýän içerki howa gatnawlarynyň täze tomusky tertibi neşir edildi.

2. 27-nji maýda Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyrar.

3. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Türkmenbaşy-Aşgabat demir ýolunyň üstünden täze awtomobil geçelgesi açyldy. Täze geçelgäniň uzynlygy 970 metr bolup, onuň 60 metri demir ýoluň üstünden geçýär.

4. 150 sany lukmandan ybarat türkmen topary — dürli ugurlardan hünär kämilligini ýokarlandyrmak we öňdebaryjy klinikalaryň tejribelerini öwrenmek maksady bilen Germaniýa ugradylar.

5. «Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabadyň Kubogyny eýeledi. Klub final duşuşygynda «Aşgabady» 2:0 hasabynda ýeňdi. Üçünji orun üçin bäsleşikde «Köpetdag» «Ahalyň» ikinji düzüminden 3:1 hasaby bilen üstün çykdy.

6. Sewilýada nemesleriň «Aýntraht» we Şotlandiýanyň «reýnjers» klublarynyň gatnaşmagynda Ýewropa ligasynyň final duşuşygy geçirildi. Oýnuň esasy hem goşmaça wagtynda 1:1 hasaby bilen ýenijini mälim edip bolmady. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda «Aýntraht» 5:4 hasabynda ýeňiş gazandy.

7. 21-nji maýdan Ysraýylyň hökümeti ýurduň çägine girmezden ozal COVID-19-yň barlag testine bolan talaby ýatyrýar. Şeýle-de Ysraýyla baran raýatlara 24 sagatlyk karantin çäresi hem ýatyrylar.

8. Hindi ylmy institutynyň alymlarynyň täze oýlap tapyşy diş bejergisinde barmasy kyn bolan ýerleri zyýansyzlandyrmaga ýardam eder. Agyz boşlugynda stomatologlaryň netijeli işläp bilmejek böleklerinde ýokançlyklara garşy göreşmäge nanorobotlar ýardam eder. Olar deriniň astyna 2000 mikrometre çenli aralaşmaga ukyplydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň