Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Germaniýanyň «Tejribeli hünärmenler gullugy» bilen hyzmatdaşlygy dowam eder

22:1518.05.2022
0
24318

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen maslahat geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ministr Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen saglygy goraýyş babatda ýola goýlan türkmen-german hyzmatdaşlygyny dowam etmek maksady bilen, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça lukmanlaryň 150-sini Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugradylmagynyň hem-de häzirki döwürde dünýäde epidemiologiki ýagdaýlaryň gowulaşýandygy sebäpli, bu döwletiň «Tejribeli hünärmenler gullugy» bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow bu hyzmatdaşlygy dowam etmegiň iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we ilatyň saglygyny goramakda oňyn netije berýändigini göz öňünde tutup, ministriň tekliplerini goldaýandygyny belledi.

N.Amannepesow «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binany gurmak üçin şypahananyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan öwrenilmegi babatda berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Daşoguzda köpugurly hem-de onkologiýa hassahanalarynyň açylyp ulanmaga berilmegine taýýardygy barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda şypahanalarynyň, dynç alyş merkezleriniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň möwsüme taýýarlygy hem-de Daşoguzda 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalarynyň açylmaga doly taýýarlygy bilen baglanyşykly maglumatlary, şeýle hem halkara lukmançylyk hyzmatdaşlygy boýunça teklipleri hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýetirjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň