Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Ýürek owazy» atly halkara sungat bäsleşigi geçirildi. Onlaýn görnüşdäki bu bäsleşikde Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň talyplary bäsleşikde öňdäki orunlaryň dördüsini eýelediler.
Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň taslamasy bilen guralan çärä dünýä döwletlerinden 352 adam gatnaşdy. Olar halk saz gurallarynda saz çalmak, dünýä halklarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirmek, mýuzikl, jaz eserleri, sahna ussatlygy, çeperçilik eserleri ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler.
Mekdebiň üçünji ýyl talyby Serdar Bazarow D.Rossininiň «Tarantella» atly eseri bilen birinji ornuň eýesi boldy. Birinji ýyl talyp Jeren Çaryýewa bolsa ussat komozitor Nury Halmämmedowyň «Ýatlama» atly eseri üstünlik getirdi. Ol hem bäsleşikde birinji orny eýeledi. Mekdebiň ikinji ýyl talyby Gülälek Jumanyýazowa hem N.Halmämmedowyň döredijiligine ýüzlenip, ikinji ornuň eýesi boldy. Talyplaryň ikisi hem bu eserleri fortepianoda ýerine ýetirdiler.
Şeýle hem halkara bäsleşigiň eminleri mekdebiň «Şöhle» hor toparynyň «Parahatçylyk aýdymy» atly şekilli aýdymyna ikinji orny mynasyp gördüler.