Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gaýa» hojalyk harytlaryny üpjün edijileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

10:3503.05.2022
0
11744

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti gündelik durmuşda öý-hojalykda giňden peýdalanylýan harytlary, abatlamak işleri we öý üçin niýetlenen enjamlary üpjün edilijileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.

Hojalyk jemgyýeti tarapyndan teklip edilýän hyzmatdaşlyk öý we ofis mebelleri, santehnika önümleri, hojalyk tehnikalary, kanselýariýa harytlary we beýleki önümçilik harytlaryny alyjylara ýetirýän telekeçiler bilen gatnaşyklary ýygjamlatmagy nazarda tutýar. «Ak gaýa» kärhanasy dükanlarynda müşderilere ýetirilýän önümleriň iri hem-de kiçi göwrümli kärhanalary bilen hem özara hyzmatlary alyp barmak maksady bilen uly gyzyklanma bildirýär.

«Ak gaýa» kärhanasy gury gurluşyk garyndylaryny (şpatlýowka, suwag garyndysy, gurluşyk gipsi), şeýle-de gips karton önümlerini öndürmek bilen meşgullanýar.

Bulardan başga-da, kärhananyň dükanlaryndan öý-hojalyk harytlaryny, mebelleri we öýüň beýleki zerur harytlaryny, gurluşyk önümlerinden başlap sport enjamlaryna çenli dürli görnüşli harytlary tapmak bolýar.

Kärhana bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin +99312 75 42 75, +99365 65 48 07 telefon belgileri arkaly ýa-da akgaya555@gmail.com, akgaya_obyeznoy@mail.ru elektron poçta salgysyna hat iberip habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň