Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda 16 toparyň 8-si kesgitlenildi

12:5928.04.2022
0
8355
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda 16 toparyň 8-si kesgitlenildi

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Günbatar sebitinde geçirilen toparçalaýyn duşuşyklaryň tamamlanmagy bilen, ýaryşyň pleý-off tapgyryna gatnaşjak 16 ýygyndynyň 8-si mälim boldy.

Has takygy, Saud Arabystanyndan «Al-Hilal», «Aş-Şabab», «Al-Feýsali», Katardan «Er-Raýýan», «Al-Duhail», Özbegistandan «Nasaf», BAE-den «Şabab Al-Ahli» we Eýrandan «Fulad» toparlary 1/8 finaldaky ornuny berkitdiler.

Pleý-offda «Al-Hilal» ― «Şabab Al-Ahli», «Aş-Şabab» ― «Nasaf», «Al-Duhail» ― «Er-Raýýan» we «Al-Feýsali» ― «Fulad» duşuşyklary geçiriler.

Ýaryşa Türkmenistandan wekilçilik eden «Ahalyň» final tapgyryna çykyp bilmändigini ýatladýarys.

Pleý-offuň galan 8 wekili Gündogar sebitden geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň