Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

22:3125.04.2022
0
5900

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany öz gutlagynda:

– Biz Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we olaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys – diýip belledi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdi.

Habar berşimiz ýaly, Fransiýanyň düýn geçen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijeleri boýunça ýurduň häzirki döwlet Baştutany Emmanuel Makron ýeňiji boldy. Makronyň sesleriň 58,5 göterimini, onuň garşydaşy, «Milli bileleşik» partiýasyndan bolan hanym Marin Le Pen sesleriň 41,5 göterimini aldy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň