Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderilerine SMS habarnamasynyň ikisini ýollady. SMS habarnamasynyň birinjisinde pyýada hereket edilende ýoluň gyrasynda we dynç alyş ýerlerinde döredilen ýaşyl zolaklary basmazlyk, üstünde oturmazlyk, şeýle-de pyýadalar üçin ýörite niýetlenen ýerlerden geçmek ýatladylýar.
Mundan başga-da, TMCELL-iň müşderilerine ýollan ikinji SMS habarnamasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy sürüjilere we raýatlara ulag serişdeleri dolandyrylanda hereketiň tizligini bellenen çäklendirmelere laýyklykda sazlaşykly hereket edip, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegi ýatladýar.