Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn töleg etmek hyzmaty girizildi

20:2322.04.2022
0
7143

«Türkmentelekom» EAK-nyň Ahal welaýatyndaky müşderileri üçin şäher telefon ulgamynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi döredildi. Bu barada aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Öý telefonlarynyň hasabyna tölegleri Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň internet-portalynyň resmi saýty arkaly geçirip bolýar.

Tölegiň bu görnüşi iOS hem-de Android platformalary üçin niýetlenen e.gov.tm ykjam goşundysynda hem elýeterlidir. Tölegi «Altyn Asyr» bank kartlary arkaly geçirip bolýar.

Ulanyjylar telefon hyzmatynyň tölegini Döwlet hyzmatlar portalynda hasaba durmak bilen, saýtyň baş sahypasyndaky «Aragatnaşyk hyzmatlary» bölümine girip ýa-da e.gov.tm ykjam goşundysy arkaly amala aşyryp bilerler.

Müşderiler bölüme gireninden soň, «Telekom Telefon» düwmesine basmaly, soňra bolsa degişli ýeri görkezip (Ahal), etrabyny saýlamaly hem-de öý telefonynyň belgisini girizmeli.

Soňra bolsa geçiriljek tölegiň mukdaryny görkezip, «tölemek» düwmesine basmaly. Degişli amallar ýerine ýetirileninden soň, müşderi tölegi tassyklamagy soraýan SMS habaryny alar we töleg tassyklanan dessine telefonyň hasabyna gysga wagtda töleg geçiriler.

Döwlet hyzmatlarynyň internet-portalynyň töleg hyzmatlary yzygiderli özgerdilýär. Ozal bolsa, bu ugurda Aşgabat şäheriniň ulanyjylary üçin Internet, IPTV, öý hem-de ykjam telefonlar, şeýle-de elektrik energiýasy, gaz we suw ýaly jemagat hojalygy hyzmatlary üçin onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi ýola goýlupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň