Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky ITEA «Programmirlemegiň esaslary» okuwyna arzanladyş yglan edýär

09:4414.04.2022
0
6491

Aşgabatdaky Halkara IT akademiýasynyň topary Remezan aýy mynasybetli «Programmirlemegiň esaslary» atly okuw kursuny arzanladýandygyny mälim edýär.

Remezan aýynyň tamamlanýan senesine çenli (2-nji maý) «Programmirlemegiň esaslary» okuw kursuny okamaga isleg bildirýänler ondan amatly bahadan, ýagny 4800 manat tölegiň ýerine 4000 manat töleg tölemek bilen peýdalanyp bilerler.

Okuwlar bilen gyzyklanýanlar arzalaryny IT akademiýanyň degişli salgysyna ýollamalydyr.

Pursatdan peýdalanyp, ITEA-nyň iş topary hemmeleri mukaddes remezan aýy bilen gutlaýar:

«Goý, göwünleriňizde hemişe abadanlyk, rahatlyk, şatlyk hem-de söýgi höküm sürsün! Ähli eden dilegleriňiz kabul bolsun! Öý-ojaklaryňyza elmydama parahatçylyk we bereket eçilsin, ýakynlaryňyzyň janlary sag, işleri ugruna bolsun!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň