Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

21:4009.04.2022
0
26680
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş sapary bilen geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Russiýada Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berilýändigini nygtap, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, iki goňşy halkyň bähbitlerine kybap gelýän strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň gazanylan derejesini kanagatlanma bilen nygtady.

Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň şeýledigine ählumumy hem-de sebit derejesindäki abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy hem şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady. Şonuň barşynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilişiniň oňyn depgini bellenildi, giň gerimli ugurlar, döwletara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligini durmuşa geçirmek boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine taýýarlyk beýan edildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezident hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika toplumlary, oba hojalygy, ýeňil we gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk hem-de birnäçe beýleki ileri tutulýan ulgamlar bilen birlikde esasy ugurlar boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim, syýahatçylyk ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma beýan edildi. Ýurtlaryň ikisinde-de ösdürilmegine we höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýän sport ulgamynda-da netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi.

Hormatly Prezident hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine iki döwletiň çuňňur gyzyklanýandygyny belläp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ýola goýulýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde soňky ýyllarda birnäçe iri taslamalaryň başy başlandy.

Hazar deňzini özleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, söhbetdeşler gämi gurluşygy ulgamynda özara hereket etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident hem-de Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary uzakmöhletleýin geljek nazara alnyp ýola goýulýan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň