Arhiw

Türkmenistanda 29-njy martda ähli metjitler işe başlar

18:2928.03.2022
0
28416

Ertir, 29-njy martda Türkmenistanyň ähli metjitleri işe başlar. Bu barada Türkmenistanyň Müftüligi «Türkmenportala» habar berdi.

2-nji aprelde başlajak Oraza aýyndaky agyz beklemegiň hormatyna ýurduň çägindäki ähli metjitler hemişeki tertibinde adamlary kabul edip başlar. Metjide barlanda, arassaçylyk we öňüni alyş çäreleri görülmelidir.

Türkmenistanyň Müftüligi 2022-nji ýylyň Oraza aýynda Aşgabat şäherinde, şeýle-de welaýatlarda agyz beklemegiň we açmagyň tertibini tassyklady.

Agyz beklemegiň we açmagyň tertibi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň