Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan TOPH taslamasyna ýardam bermäge taýýar

15:5410.03.2022
0
7837

Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawer 10-njy martda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kabul bolup, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy boýunça gepleşikler geçirjekdigini mälim etdi.

“Tolo news” neşiriniň habar bermegine görä, dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawer Owganystanyň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny aýtdy.

“Owganystan tarapynda hiç hili mesele ýok, ýakyn wagtda taslamany täzeden başlamak üçin elimizden gelenini ederis. Ozal howpsuzlyk meselesi bardy, ýöne Owganystanda howpsuzlyk doly üpjün edilýär we TOPH hyzmatdaşlary muny bilýärler “-diýip, Şahabuddin Delawar habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak üçin birnäçe gezek Owganystanda, Pakistanda we Hindistanda saparda bolup, bu ugurda degişli gepleşikleri geçirdi.

Şol bir wagtda Owganystan tarapyndan hem wekiliýet Aşgabatda bolup, TOPH we beýleki möhüm taslamalar boýunça gepleşikler geçiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň