UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler

16:5809.03.2022
0
3703
UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler
Surat: championat.com

Futbol janköýerleriniň aglabasynyň ünsüni çekýän hem-de ynsan hakydalaryna taryhy pursatlary bagyş edýän futbol duşuşyklary gyzgalaňly dowam edýär.

Has takygy, bu günler UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň jogap duşuşyklary çärýek final tapgyrynda çykyş etjek toparlary ýüze çykarýar. Bu duşuşyklaryň nobatdakysy bolsa Madridiň «Realy» bilen «PSŽ», «Mançester Siti» bilen hem «Sporting» toparlarynyň arasynda bolar.

Tomaşaçylar köpçüligini Aşgabat wagty bilen ýarygijeden soň 01:00-da başlanjak bu iki ugurdaş duşuşygyň birinjisi aýratyn gyzyklandyrýar. Öz meýdançasynda ýeke-täk gol bilen duşuşygy tamamlamagy başaran «PSŽ» üçin «Santiago Bernabew» stadionynda taryhy ýeňşi gazanmak ýeňil düşmese gerek. Lissabonda 0:5 hasaby bilen ýeňlen «Sportingden» bolsa hiç kim «jadyly» ýeňşe garaşýan däldir.

Häzirlikçe çärýek final basgançagyna çykan «Liwerpulyň» hem-de «Bawariýanyň» garşydaşlary bolup biljek toparlar bu günki oýunlardan belli bolar.

Çärýek final tapgyryny doly mälim etjek indiki duşuşyklar bolsa 2022-nji ýylyň 16-17-nji martynda geçiriler.

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky duşuşyklarynyň we olaryň geçiriljek wagtynyň tertipnamasy:

Madridiň «Realy» (Ispaniýa) — «Pari Sen-Žermen» (Fransiýa) — 01:00;
«Mançester Siti» (Angliýa) — «Sporting» (Portugaliýa) — 01:00.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň