Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji çärýek finalçylar belli boldy

10:1609.03.2022
0
3621

Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda geçirilen jogap duşuşyklaryndan soň çärýek finalyň ilkinji wekilleri belli boldy. «Liwerpul» bilen «Bawariýa» göreşi ¼ finalda dowam etdirmäge hukuk gazanan ilkinji toparlar boldy diýip, Uefa.com ýazýar.

8-nji martdan 9-njy marta geçilýän gijede «Liwerpul» Milan şäheriniň «Interini» «Enfild» stadionynda kabul etdi. Duşuşyk myhman toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini Lautaro Martines geçirdi.

Italiýada bolan ilkinji duşşuykda «Liwerpul» 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, Ýurgen Kloppyň şägirtleri iki duşuşygyň netijesinde «Interden» üstün çykyp, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar.

«Alýans-Arenada» geçirilen ugurdaş duşuşykda Awstriýanyň «Zalsburgy» Mýunheniň «Bawariýasynyň» myhmany boldy. Duşuşyk nemes toparynyň 7:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Topalar ilkinji duşuşykda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdylar.

Ikinji duşuşykda Lewandowski het-trigi, Mýuller bolsa dubly amala aşyrdy. Beýleki gollary Gnabri bilen Sane geçirdi. Myhmanlar gollaryň tupanyna diňe Kýergoryň tapawutlanmagynda bir gezek jogap berip bildiler.

10-njy martda «Mançester Siti» bilen «Sportingiň» we PSŽ bilen «Realyň» arasynda hem jogap duşuşyklary geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň