Soňky habarlar

Arhiw

«Apple» täze öndürýän enjamlaryny tanyşdyrdy

14:3409.03.2022
0
5903

«Apple» kompaniýasy düýnki geçen ýazky tanyşdyryş çäresinde golaýda köpçülikleýin öndüriljek enjamlarynyň birnäçesini tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda täze ýaşyl reňkli iPhone 13, iPhone SE smartfonunyň üçünji nesli, iPad Air planşetiniň bäşinji nesli hem-de M1 Ultra prosessory we şonuň esasynda işleýän Max Studio kompýuteri bar.

Bu enjamlaryň iň garaşylýanlarynyň biri bolsa iPhone SE smartfonunyň üçünji nesli bolup, ol daşky görnüşi boýunça ozalky kysmyndan tapawutlanmaýar. Şeýle hem iPhone 13 mini, iPhone 13, iPhone 13 Pro we Pro Max ýaly smartfonlaryň ýaşyl görnüşleri köpçülige görkezildi.

Ýazky tanyşdyryş çäresinde tanyş edilen bäşinji nesil iPad Air hem ýokary kuwwatlykly, iPad Pro we MacBooklarda ulanylýan M1 platformasyna eýe bolar. Şunuň bilen birlikde täze enjam «üns merkezinde» atlandyrylýan täze funksiýaly 12 megapiksellik öňki kamera bilen üpjün ediler diýip, 3dnews.ru saýty sahypalarynda beýan edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň