Dubaýyň şazadasynyň halas edilen salýuki iti bilen gezelenjiniň wideosy peýda boldy

17:5028.02.2022
0
5060

Dubaýyň mirasdüşer şazadasy Şeýh Hamdan ben Muhammet Al Maktum ýakynda halas edilen Greýs atly salýuki tohumyna degişli bolan it bilen gezelenjiniň wideosyny sosial ulgamda ýerleşdirdi.

Russianemirates.com saýtynyň habar bermegine görä, halas edijiler pnewmatik (gysylan howa arkaly işleýän) ýaragdan atylmagynyň netijesinde ýaralanan, gözlerine, boýnuna, döşüne we yzky penjelerine şikes ýeten iti Şarja şäherinde ýanwar aýynda tapdylar. Halas edilen salýuki itiniň wideosy Instagramda peýda bolanda, şeýhiň wekilleri halas edijiler bilen habarlaşyp, iti öz hemaýatlygyna aldylar. Mirasdüşer şazadanyň salýuki itini öz hemaýatlygyna alan gününden iki hepde geçdi we it häzirki wagtda lukmançylyk kömegini almagyny dowam edýär. «Bubbles Pets Rescue»-dan haýwanlary halas edijileriň bellemegine görä, it özüni diýseň rahat duýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň