Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow daşoguzly saýlawçylar bilen duşuşdy

22:1021.02.2022
0
13505

Şu gün Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi. «Türkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, dalaşgäriň ynanylan wekili duşuşykda çykyş edip, ol ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň zähmet terjimehaly bilen tanyşdyryp, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäri, ýaş başlangyçlar bilen çykyş edýän, giň gerimde pikirlenmäge ukyply hem-de dürli döwlet wezipelerinde işlän ýyllarynda milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa üstünlikli geçirmegiň uly tejribesini toplan jogapkärli ýolbaşçy, şeýle hem ýokary ahlak sypatly we guramaçylyk başarnyklaryna eýe bolan adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenendigi üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini belledi.

– Munuň özi diňe bir meniň üçin däl-de, Garaşsyzlyk ýyllary içinde kemala gelen ýaş nesliň ählisi üçin hem uly jogapkärçilikdir – diýip, dalaşgär aýtdy.

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda, dalaşgär ýurduň beýleki sebitleri bilen bir hatarda gadymyýetde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen Daşoguz welaýatyna, köpsanly meşhur şahslaryň ýaşap geçen, hasyllylygy we rysgal-berekedi, ekerançylarynyň zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýan bu sebite uly üns bermegi maksat edinýär.

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem welaýatda awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegiň hem-de olaryň durkuny täzelemegiň möhümdigi barada aýdyp, hususan-da, Aşgabat – Daşoguz, welaýat merkezini Ruhubelent etraby hem-de Köneürgenç şäheri bilen birleşdirýän awtomobil ýollaryna ünsi çekdi.

Dalaşgäriň maksatnamasynda şeýle hem telekeçiligi goldamak, döwlet tarapyndan dürli ýeňillikli şertleriň döredilmeginiň hasabyna obasenagat toplumyny özgertmek işlerine telekeçileri çekmek wezipeleri bar. Bellenilişi ýaly, bu çäreler dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda künjini, bugdaýy, pagtany gaýtadan işlemek boýunça senagatyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün eder. Şeýle-de saýlawçylaryň sargytlaryny nazara almak bilen, hususy önüm öndürijileri höweslendirmek işleri dowam etdiriler diýip, dalaşgär belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bu duşuşygyň guralandygy, öz çykyşynyň üns berlip diňlenilendigi üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, ähli gujur-gaýratyny we bilimini, dürli wezipelerde işlän döwründe toplan tejribesini ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine peýdalanjakdygyna saýlawçylary ýene bir gezek ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň