Şu gün saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň nobatdaky tapgyry – Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy. Türkmenistanda raýatlaryň erk-islegini erkin beýan etmegini kepillendirýän hem-de saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň demokratik ýörelgeler esasynda ýokary halkara kadalaryna laýyklykda düzgünleşdirýän hukuk ulgamy kemala getirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärler bellige alnan pursatyndan başlap erkin wagyz işlerini geçirmäge, saýlawlaryň öň ýanyndaky ýygnaklarda, duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmäge deň mümkinçiliklere eýe boldular. Şunda saýlaw çäreleri aýanlyk we açyklyk esasynda geçirilýär.
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy
21:3421.02.2022
0
1151
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň