Soňky habarlar

Arhiw

Balkan we Lebap welaýatlaryndan teklipçi toparlar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlediler

22:0018.02.2022
0
12967

12-nji martda boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde şu gün Balkan we Lebap welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Olaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine has mynasyp dalaşgärler hödürlenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri raýatlar topary tarapyndan hödürlemegiň Tertibini kesgitleýän Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, dalaşgär saýlawçylaryň on müňden az bolmadyk goly bilen goldanylmalydyr.

14-nji fewraldan başlap ýaýbaňlandyrylan saýlaw möwsüminiň çäklerinde Balkan welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy hödürlemek teklibine garadylar.

B.Gurbanow 2004-nji ýylda M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Balkan welaýatynyň köpugurly hassahanasynda internatura geçdi. 2005 — 2008-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasynyň saglyk öýünde ilki maşgala lukmany, soňra baş lukman, soňky ýyllarda bolsa Balkan welaýatynyň beýleki saglygy goraýyş edaralarynda — Garabogaz şäheriniň we Esenguly etrabynyň hassahanalarynda baş lukman bolup işledi. 2012 — 2019-njy ýyllar aralygynda Balkan welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň birinji orunbasary wezipesinde işledi.

Ýygnananlar B.Gurbanowyň iş dolandyryş hem-de guramaçylyk ukybyny, ýokary hünär we şahsy häsiýetlerini, ýolbaşçy wezipedäki tejribesini belläp, ony döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.

Berdimämmet Gurbanow bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan edip, halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin güýjüni, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Lebap welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda welaýatyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.

Welaýatyň ýaşaýjylary hem-de teklipçiler toparynyň agzalary P.Begenjowyň terjimehaly bilen içgin tanyşdylar. Ol 2000-nji ýylda ykdysatçy hünäri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlap, bu ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işledi. 2014-nji ýylyň mart aýyndan şu güne çenli Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory wezipesinde işleýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasy.

Ýygnananlar P.Begenjowy giň gözýetimli, işbaşarjaň ýaş ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirýän çykyşlary diňläp, ony iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň