Soňky habarlar

Arhiw

«Çelsi» klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy

13:3913.02.2022
0
6200
«Çelsi» klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy
Surat: www.chelseablues.ru

Abu-Dabiniň (BAE) «Mohammed Bin Zaýed» stadionynda futbol boýunça klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň final duşuşygy boldy. «Çelsi» bilen «Palmeýras» toparlarynyň arasynda geçen bu oýunda 2:1 hasabynda iňlis topary ýeňiş gazandy.

Duşuşygyň esasy wagtynyň 55-nji minutynda Romelu Lukaku «Çelsi» toparyny öňe saýlan bolsa, 64-nji minutda Rafael Weýga 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňlemegi başardy.Oýnuň goşmaça wagtynda bolsa Kaý Hawersiň ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy londonyň toparyna ýeňiş getirdi.

Bu «Çelsiniň» taryhynda dünýä çempionatynda gazanylan ilkinji üstünlik bolup, ol Ýewropanyň bu baýragy alan sekizinji topary hökmünde taryha girdi. Ozal bu arzyly kuboga Madridiň «Realy» (4 gezek), «Barselona» (3 gezek), «Bawariýa» (2 gezek), «Milan», «Inter» hem-de «Mançester Ýunaýted» (hersi 1 gezek) ýaly toparlar eýe bolupdy.

Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda üçünji orny Müsüriň «Al-Ahli» topary eýeledi. Ol Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» toparyny 4-0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň