Serdar Azmun «Baýer» toparynyň düzümine goşuldy

12:3504.02.2022
0
8277

Asly türkmen bolan, Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Serdar Azmun täze topary «Baýeriň» düzümine goşuldy. Bu babatda «Baýer» toparynyň habarlar gullugy futbolçynyň täze toparyna goşulmagy bilen bagly wideony sosial torunda köpçülige ýetirdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, futbolçy Germaniýanyň topary bilen 22-nji ýanwarda transfer şertnamasyna gol çekipdi. Oňa laýyklykda, eýranly futbolçy bu topar bilen 2027-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.

Azmunyň soňky ýyllardaky netijeleri barada belläp geçsek, ol 2019-njy ýyldan häzire çenli «Zenit» toparynyň düzüminde çykyş edip, üstümizdäki möwsümde ähli çykyş eden duşuşyklarynda jemi 21 gol geçirdi. Sankt-Peterburgyň toparyndaky ähli oýunlary hasaba alnanda futbolçy 104 oýunda 62 gezek gol geçirmegi başardy. Russiýanyň çempionatynyň 2019/2020 futbol möwsüminde bolsa ol 17 gol bilen möwsümiň iň köp gol geçiren türgeni hökmünde tapawutlandy.

«Baýer» barada aýdylanda, häzirki wagtda bu topar 20 duşuşygyň netijesinde 35 utuk toplamak bilen Germaniýanyň futbol çempionatynda üçünji basgançagy eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň