Serdar Azmun “Zenitden” “Baýer” toparyna geçdi

21:0723.01.2022
0
9688
Serdar Azmun “Zenitden” “Baýer” toparyna geçdi

Russiýanyň “Zenit” futbol toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun nemesleriň “Baýer” toparyna geçdi. Bu transfer barada lewerkuzen toparynyň habarlar gullugy habar berýär.

Baglaşylan şertnama 2022-nji ýylyň tomsundan güýje girer. Eýranyň 27 ýaşly asly türkmen futbolçysy transfer şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli möhlet bilen şertleşdi.

Azmun “Zenit” toparyna 2019-njy ýylyň fewral aýynda geçdi. Futbolçy bu möwsümde Russiýanyň premýer-ligasynda 15 oýunda çykyş edip, 7 pökgi geçirdi hem-de 1 gezek ýardam pasyny berdi. Umuman, futbolçy Sankt-Peterburgyň toparynda 79 duşuşyga gatnaşyp, 52 pökgi geçirmegi başardy.

Serdar Azmunyň “Zenit” bilen bagly şertnamasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar. “Transfermarkt-yň” kesgitlemegine görä, eýranly futbolçynyň transfer tölegi 25 million ýewro diýlip çaklanylýar.

Azmun özüniň tutuş professional karýerasyny Russiýanyň futbol toparlarynda geçirdi. Ol “Zenitden” başga-da, Russiýanyň premýer-ligasynda “Rubin” we “Rostow” toparlarynyň düzüminde çykyş etdi.

Belläp geçsek, futbolçy Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem-de Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeniýeti jemgyýetiniň hormatly agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň