Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow energetika ulgamynyň öňünde täze wezipeleri goýdy

23:1420.01.2022
0
7270

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda ýurduň energetika ulgamynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Energetika ministrliginiň welaýat düzümleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milletiň Lideri iş maslahatynda häzirki döwürde ýurdumyzda energetika pudagynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň işi üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň halkalaýyn energoulgamyň gurluşygyna gatnaşmagynyň guwançly wakadygyny belläp, milli Liderimiz telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösüş ýoluna düşendigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işiniň döwrüň talabyna we ösen halkara ülňülere laýyklykda ösdürilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutany belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň