BSGG-niň ýolbaşçysy Berdimuhamedow bilen 2022-nji ýyl üçin çögütlerini paýlaşdy

12:4819.01.2022
0
12371

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş directory Tedros Gebresesus Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hat ýollady.

Hatda BSGG-niň ýolbaşçysy «Size täze, 2022-nji ýyl mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy hem-de iberen Täze ýyl gutlag hatyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin» diýilýär.

Şeýle hem ol Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna we onuň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, ilatyň hemaýata mätäç gatlagyna kömek bermek hem-de ähli adamlaryň saglygyny we rowaçlygyny pugtalandyrmak wezipesinde berýän yzygiderli goldawy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirýär.

«Soňky iki ýyl biziň hemmämiz üçin örän çylşyrymly boldy. Şunuň bilen baglylykda, täze ýyly şu üç çözgütden başladym:

— 2022-nji ýylyň iýul aýyna çenli her ýurtda ilatyň 70 göterimine sanjym geçirmek üçin hökümetler, COVID-19 waksinasyny öndürijiler hem-de hyzmatdaşlar bilen iş alyp barmaly, sebäbi sanjym işleri hemme ýerde deň derejede geçirilende, pandemiýany aradan aýryp bileris;

— pandemiýa garşy göreşmek Ylalaşygy boýunça gepleşikleri dowam etdirip, saglygy goraýyş babatda ählumumy howpsuzlygy berkitmeli;

— ähli ýurtlara ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam bermeli.

Şonuň üçin hem 2022-nji ýylda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, sebäbi biz pandemiýany aradan aýyrmagyň hem-de jemgyýetlerimiziň we ýurtlarymyzyň hemmeler üçin has howpsuz, adalatly we sagdyn bolmagy ugrunda işleýäris.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!» diýip, BSGG-niň ýolbaşçysy hatyny jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň