Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistan “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça “Tatneft” JPJ bilen Goşmaça ylalaşygy baglaşar

12:4918.01.2022
0
8256

“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşmak boýunça gepleşikler geçirildi.

Bu barada 14-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hasabat berildi.

Ýurduň Döwlet habarlar agentliginiň bellemegine görä, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça görlen çäreleriň netijesinde bu ugurda degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ony öňdebaryjy pudaga öwürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurduň energetika strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, hödürlenen meseläniň düýpli seljerilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň netijeli işini üpjün etmegiň, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, ylmy gazanylanlary hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönüden-göni baglydygyny bellemek bilen, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň