AFK-nyň Çempionlar ligasy-2022: 19 ýyllyk arakesmeden soň

12:4112.01.2022
0
6470

Türkmenistanyň futbol toparlary AFK-nyň Çempionlar ligasyna mundan ozal diňe bir möwsümde gatnaşyp gördüler. Ol hem ýaryşyň açylan möwsümi ― 2002 ― 2003-nji ýyllardyr.

Ýeri gelende aýtsak, bu liga- AFK ýeňijiler kubogy bilen Naýbaşy kubogyň birleşdirilmegi esasynda döredildi. Ýaryş ilkinji gezek 2002 ― 2003-nji ýyllaryň möwsüminde geçirildi.

2002-nji ýylyň 13-nji awgust ― 27-nji noýabry aralygynda saýlama duşuşyklar geçirildi, toparlaýyn we final bölegiň ýaryşlary bolsa 2003-nji ýylyň 9-njy martyndan 11-nji oktýabryna çenli aralykda guraldy.

Türkmenistanyň toparlary ýaryşyň ilkinji möwsüminde gatnaşdylar. Has takygy, şol möwsüm Aşgabadyň «Nisa» futbol topary toparçalaýyn tapgyrdan ýaryşa goşuldy.

«D» toparçada Özbegistanyň «Pahtakory», Eýranyň «Persepolisi» we Yragyň «Al-Talabasy» bilen ýaryşan «Nisa» üç duşuşykda hem garşydaşlaryndan asgyn geldi. 9-njy martda Aşgabatda geçirilen duşuşykda «Nisa» «Pahtakordan» 0:3 hasabynda ýeňildi. 11-nji martda Aşgabadyň topary, edil şeýle hasap bilen «Al-Talabadan» ýeňildi. Üçünji duşuşygyny hem myhmançylykda geçiren türkmen topary, bu gezek «Persepolisden» 1:4 hasabynda asgyn geldi we ýaryşy utuksyz tamamlady. Şol ýyl üç duşuşygyň hemmesinde-de ýeňiş gazanan «Pahtakor» toparçanyň ýeňijisi bolup, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanypdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň futbol toparlary 19 ýyllyk arakesmeden soň, ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşar. 17-nji ýanwarda boljak bije çekişlige ýurdumyzyň wekili «Ahal» futbol toparynyň üçünji sebetden gatnaşjakdygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň