Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen biologlary telekeçilere probirkalarda pawlowniýany köpeltmäge ýardam berýärler

11:1911.01.2022
0
12461

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynyň hünärmenleri pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirýän telekeçilere sagdyn nahallary tiz we netijeli ösdürmek babatda teklip berýärler. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” web saýtynda habar berilýär.

Laboratoriýanyň ýolbaşçysy Aýna Ataýewanyň bellemegine görä, munuň üçin iň ösen we düýpgöter täze usul ulanylýar, ýagny ösümlikleriň mikroklonal köpeldilmegi, başgaça aýdylanda, in vitro şertlerinde (ýagny, probirkalarda) genetiki taýdan ilkibaşda alnan nusga bilen birmeňzeş ösümlikleri öndürmek nazarda tutulýar.

Bu usul bilen alnan ösümlikler ösüşiniň köpeliş tapgyryna tiz geçýärler. Olar wiruslardan aňsatlyk bilen azat bolýarlar hem-de ekiş materiallaryny ep-esli tygşytlamak bilen bu usul ýylboýy amala aşyrylyp bilner.

Türkmenistanyň köp sanly daýhan hojalyklarynda nahal ýetişdirmekde tiz ösýän pawlowniýa agajyny ösdürmäge işjeň girişilendigini bellemek bolar. Dünýä bazarynda bu ösümlik agajyna, onuň köklerine, ýapraklaryna we güllerine uly isleg bildirilýär. Agaç mebel we saz gurallaryny ýasamakda, onuň kökleri, ýapraklary we gülleri bolsa derman senagatynda, parfýumeriýa, biotehnologiýa we beýleki ugurlarda giňden ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň