Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynyň kärhanasy konserwirlenen kömelekleri eksport etmegi maksat edinýär

20:1908.01.2022
0
6967

“Altyn-Nur Zamany” kärhanasy ýyladyşhanada ösdürip ýetişdirilen kömelekleri konserwirlemek işini alyp barýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri sahypalarynda habar berýär.

Ýokary derejede enjamlaşdyrylan önümçilik kärhanasynda sagatda 1000 aýna gutuly konserwirlenen önüm taýýarlanylýar. Ýakyn wagtda hususy kärhana önümlerini eksport etmegi meýilleşdirýär.

Welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen sährasynda ýyladyşhanalarda kömelekler intensiw ösdürilip, her günde dürli görnüşli kömelekleriň 100-150 kilogramy ýygnalýar.

Kömelekleriň yzygiderli hasyl bermegi üçin bolsa bu ýerde Hytaýdan we Ýaponiýadan satyn alnan ösen tehnologiýa enjamlary ulanylýar. Şonuň üçin hususy kärhana özüniň ter kömeleklerini daşary ýurtlaryň bazarlaryna çykarmagy maksat edinýär.

Bu ýyladyşhanalar 50 adamy iş orny bilen üpjün edýär diýlip, çeşmede bellenilip geçilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň