Soňky habarlar

Arhiw

Aýdymçy Begenç Çaryýew «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» diýen ada mynasyp boldy

19:4418.12.2021
0
30534

Şu gün — 18-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş aýdymçylarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemlerine we emin agzalarynyň gelen netijesine görä, aýdymçy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Begenç Çaryýew «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» diýen adyň eýesi boldy, şeýle-de göçme kuboga mynasyp boldy.

Bäsleşik ýylyň dowamynda birnäçe tapgyrda geçirilip, onuň jemleýji tapgyryna, eminler toparynyň hem-de «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda, «Owaz» radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp sms habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda eminler aýdymçylaryň ukyplaryna görä baha berdiler.

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşige gatnaşyjylar onuň düzgünnamasyna laýyklykda bir aýdymy sazly, beýlekisini bolsa sazsyz ýerine ýetirdiler.

«Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» diýen ada mynasyp bolan aýdymçy Begenç Çaryýew birinji şerte görä öz döreden «Söýenim» atly aýdymyny sazly, ikinji şerte görä bolsa, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gözlerine döreden «Ýaşasym gelýär» atly aýdymy ýerine ýetirdi.

Bäsleşikde baýrakly birinji orna Rüstem Hallyýew, ikinji orna Bahar Annaýewa, üçünji orna bolsa Baýramhan Saparow mynasyp boldy.

Belläp geçsek, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň birinji ýeňijisi bolsa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Jahan Tagyýewadyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň