Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly adyndaky TDU-nyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli yglan eden döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

18:4507.12.2021
0
3233

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we hünärmenleriniň, žurnalistika hünärinde hem-de beýleki hünärlerde bilim alýan talyplaryň arasynda «Bitaraplyk — buýsanjymyz» atly makala ýazmak bäsleşigini geçirdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyndan gelip çykýan parahatçylyk, hoşniýetlilik, dostanalyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini açyp görkezmegi maksat edinen döredijilik bäsleşigi mynasyp ýeňijileri ýüze çykardy.

Bäsleşige ýokary okuw mekdeplerinden 70 töweregi makala gelip gowuşdy. Bäsleşigiň eminler topary uniwersitetiň tdu.edu1931@gmail.com elektron salgysyna gelip gowşan makalalary okap, olara baha berdiler.

Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, bäsleşikde mugallymlaryň we hünärmenleriň arasynda birinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Ýazgeldi Çaryýew, ikinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Jennet Babaýewa, üçünji orna bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Ogulbeg Muhammetsähedowa mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ikinji derejesi žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan ýaşlaryň arasynda baýrakly birinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Gülnäz Ýagmurowa, ikinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Selbi Baýlyýewa, üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistika hünäriniň talyby Aýsenem Ataýewa mynasyp boldy.

Žurnalistika hünärinden beýleki hünärlerde bilim alýan talyplaryň arasynda üçünji dereje boýunça geçirilen bäsleşikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Nowruzgeldi Şyhmyradow birinji, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Begenç Amaşow ikinji, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Ogulnur Pirjikowa bolsa üçünji orny eýelediler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan mugallymlardyr talyplara, şeýle-de oňa işjeň gatnaşanlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň