Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda on bir aýda jemi içerki önüm 6,1 göterim ýokarlandy

01:2004.12.2021
0
1408

Hökümetiň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

On bir aýda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary 24,6 milliard manada deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda alnyp barlan gurluşyklar baradaky hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen we ulanylmaga berlen durmuş, önümçilik maksatly desgalar barada aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň