Soňky habarlar

Arhiw

«Dordoýa» täze baş tälimçi bellenildi

23:5501.12.2021
0
3187

48 ýaşly gyrgyzystanly hünärmen Murat Jumakeýew Bişkegiň «Dordoý» futbol toparynyň täze baş tälimçisi boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi. Tälimçi bilen 2022-nji ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşyldy.

Mundan ozal topara Aleksandr Krestinin tälim berýärdi. Ol noýabr aýynda öz islegi bilen bu wezipeden çekildi. Murat Jumakeýew bolsa 2017-nji ýyldan bäri «Dordoýyň» ýaşlar toparyna tälim berip geldi.

Gyrgyzystanyň çempionatyny şu hem çempionlyk bilen tamamlan «Dordoý» geljek ýylda täze baş tälimçisiniň ýolbaşçylygynda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň