Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: «Aşgabat» ― «Energetik» ― möwsümiň iň tapawutly hasaby

08:3501.12.2021
0
436

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyryndaky «Aşgabat» ― «Energetik» duşuşygy şu möwsümde ýeňijiniň uly uly hasap bilen üstün çykan duşuşygy boldy. Çünki duşuşykda, «Aşgabat» «Energetigiň» derwezesinden jogapsyz 5 pökgi geçirdi.

Mundan ozalky rekord 4-nji tapgyrdaky «Ahal» ― «Şagadam» duşuşygyna degişlidi. Şol duşuşykda ýer eýeleri 4:0 hasabynda üstün çykypdylar.

Şeýlelikde, «Aşgabadyň» şu möwsümde bir duşuşykda 5 pökgi geçirip bilen ilkinji topar bolandygyny hem aýtmak gerek. Bu üstünlik heniz «Altyn asyr», «Ahal» ýaly öňdebaryjylara hem başardanok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň