Halkara adam hukuklary gününe bagyşlap türkmen talyplarynyň arasynda bäsleşik yglan edildi

10:5330.11.2021
0
4958

Türkmenistanda BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa Instituty bilen bilelikde 10-njy dekabrda belleniljek Halkara adam hukuklary gününe bagyşlap, bäsleşik yglan edýär.

Bu bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hukugyny öwrenýän talyplary çagyrylýar.

Işi tabşyrmagyň soňky möhleti - 2021-nji ýylyň 7-nji dekabry.

Bäsleşik barada giňişleýin maglumaty www.tm.undp.org sahypasynyň BLOG bölüminde tapyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Halkara adam hukuklary güni mynasybetli bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşik, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hukugyny öwrenýän talyplarynyň arasynda geçirilýär.

Bäsleşigiň esasy mowzuklary:

- adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň orny;
- adam hukuklaryny goramagyň halkara we milli gurallary;
- adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygy;
- adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň milli derejede durmuşa geçirilmegi.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini Times New Roman 14 şriftinde, türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde hödürlemeli. Hasabat 5 sahypadan köp bolmaly däl (çyzyk aralygy - 1.5) we ol ýazylanda, hiç bir çeşmelerden göçürilmeli däl.

Her bir işde awtoryň ady, okuw jaýynyň ady we habarlaşmak üçin maglumat (e-poçta; telefon belgisi) bolmaly.

Hasabatlar 2021-nji ýylyň 7-nji dekabryndan gijä galman, elektron poçta arkaly iberilmelidir: undptm@gmail.com.

Hasabatlara 10 ballyk ulgam arkaly aşakda görkezilen ölçeglere laýyklykda baha berler:

  • Ähmiýeti;
  • Mazmuny;
  • Teklipler.

Işlere baha bermek we ýeňijileri saýlamak üçin aşakda görkezilen edaralaryň wekillerinden ybarat bolan eminleriň topary dörediler:

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
  • Türkmenistanyň Adalat ministrligi
  • Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty
  • Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
  • Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty

BMGÖM (milli geňeşçi we 1 halkara geňeşçi).

Bäsleşigiň netijeleri 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň binasynda dabaraly ýagdaýda yglan ediler, ýeňijilere şahadatnamalar we baýraklar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň