Soňky habarlar

Arhiw

“Apple” öz telefonlarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň satuwyna başlar

11:1018.11.2021
0
3456

Apple kompaniýasy “Self Service Repair” (“Özbaşdak abatlaýyş hyzmaty”) diýen at bilen ýörite hyzmaty işe girizer, oňa görä, kompaniýanyň telefonlaryny we planşetlerini ulanyjylar üçin ätiýaçlyk şaýlarydyr gurallaryň söwdasy ýola goýlar. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berildi.

Ilkinji nobatda satyn almak üçin iPhone 12 we iPhone 13 telefonlarynyň detallary, soňra M1 çipli Mac kompýuterleriň ätiýaçlyk şaýlary elýeterli bolar, hyzmat 2022-nji ýylda ABŞ-da işe goýberiler, soňky bir ýylyň dowamynda beýlek ýurtlara hem ýaýrar.

Apple öz önümleriniň abatlaýşy üçin 200-den gowrak şaýlaryň we enjamlaryň görnüşlerini satmagy meýilleşdirýär, kompaniýa özbaşdak abatlaýşyň bu ugurda ýeterlik tejribesi we bilimi bolan adamlara niýetlenýändigini habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň